- daňmak
- işlik1) Ýüpüň we ş. m. zatlaryň uçlaryny birleşdirip baglamak, uçlaryny düwmek.2) Bir zady baglap goýmak, berkidip goýmak, iltemek.∙ Boýnuna zynjyr salyp, ullakan bir gara daşa daňyp goýýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Aty daňmak. Düýäni gazygyna daňmak.3) Daşyny saramak, baglamak.∙ Men goş daňyp gezmekden irdim. («Tokmak» žurnaly)∙ Oba tebipleri dürli zatlardan taýynlanan melhemi ýapyp, Artygyň ýarasyny täzeden daňmakçy boldular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Duşmanlar muny öldir ýaly urup, elini-aýagyny pugta arkasyna daňypdyrlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ aýagyny daňmak — seret aýak◊ gülberini arkasyna daňmak1) seret gülber2) Ýüpsüz daňmak, köp garaşmaga mejbur etmek, köp garaşdyrmak.∙ Ol meni ýüpsüz daňdy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.